«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY»

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi Gyzylarbat etrap häkimligi, Gyzylarbat etrabynyň bilim bölümi, Gyzylarbat etrabynyň Polisiýa bölümi, Gyzylarbat etrap Prokuraturasy, TDP-nyň Gyzylarbat etrap komiteti bilen bilelikde tassyklaşylan meýilnama esasynda etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymlarynyň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem ýaşlarda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary, millilik, däp-dessur we edep terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek barada giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR