Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi we işjeň agzalarynyň THDP-niň «Ýolagçy» terminalynda «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Onuň dowamynda çykyş edenler, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda berkarar Watanymyzyň bu babatdaky tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi, şeýle-de dünýäniň iň iri hem-de abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini ýokary ruhubelentlikde garşylaýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam tapýan taryhy özgertmeleriň beýik maksatlara – gülläp ösýän, ýokary sepgitlere ýeten, kuwwatly döwleti gurmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, giň şertdir mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi, şeýle hem türkmen halkymyzy ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












