Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda şäheriň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak boýunça Adamzadyň maddydäl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, "Dutar – owazy arşa galan senet", “Asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen haly sungaty”, “Küştdepdi-milli miras”, “Görogly şadessany” hem-de “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda halkara kadalara laýyklykda, ÝUNESKO halkymyzyň milli gymmatlyklary hasaplanýan ahalteke bedewlerini seýislemek we türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmek babatda oňyn tejribe toplanandygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.