Ýurdumyzda türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Biz bu hakykaty BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginde hem görýäris. Ýeri gelende bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn nygtamak gerek. Bu işleriň anyk mysaly hökmünde halkymyzyň maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek.
Geçen ýyllarda bu ugurda gurama bilen bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda uly tejribe toplandy. Şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny gorap saklamaga ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen Halaç etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» geçirilen bu wagyz-nesihat çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Çykyşlarda şanly ýylymyzyň ‹‹Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy›› ýyly diýlip atlandyrylmagynyň, ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemegiň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň hataryna girizilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem myhmanlar milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp guralan sergini hem synladylar.
Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.