TEBIGATYŇ GÖZELLIGI – ZEMINIŇ ÝARAŞYGY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda, mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Daşky gurşawy goramak» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

     Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, durnukly ösüş maksatnamasyny amala aşyrmakda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan tutumly işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, olaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri dowam etmek, ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinlilerini ýüze çykarmak we hünär öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdiri Resul Abdyýew, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň koordinatory Jeren Badyýewa hem-de mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

     Bag bar ýerinde arassa howa bardyr, arassa howa bolan ýerinde saglyk hem abadançylyk, ruhubelentlik bardyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp bagtyýar ýaşlar hem ösüp oturan agaçlaryň, gözel tebigatymyzyň gül-gülzarlygyň ajaýyp suratlaryny çekdiler we ýurdumyzy bagy-bossanlyga, jennet mekanyna öwürmekde bimöçber tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

     Bäsleşikde tapawutly ýerine ýetirilen işler boýunça öňe saýlananlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň Hormat hatlary we Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary

şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar