Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, köp müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Bilşimiz ýaly, Änew şäheri adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew diňe bir taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu medeniýetiň üstüniň açylmagy tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe boldy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty“ diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda giň gerimli çäreleriň badalga alan günlerinde hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan bu ajaýyp kitaby “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly üç bapdan we birnäçe bölümden ybarat bolup, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, jeýtun ekerançylyk medeniýeti, çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen, gadymy şäheriň şanly geçmişini dabaralandyrýar.
Ýurdumyzyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Änew hakynda düýpli ylma esaslanýan maglumatlary okamak örän täsirlidir. Çünki Änew diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň gadymy ojagydyr. Bu künjekde ata-babalarymyz ilkinji ekerançylyk medeniýetini kemala getiripdirler. Bu toprak adamzada ekerançylyk medeniýetini bagyş etdi. Şonuň üçin dünýäde ol uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaby şeýle ylmy garaýyşlaryň özenini düzýär. Kitapda dünýä alymlarynyň Änew medeniýetini, bu gadymy mekany öwrenendikleri, ylmy gözlegleri alyp barandyklary deliller arkaly beýan edilýär. Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň atlarynyň kitapda beýan edilmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp kitaby halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, beýik sazlaşygy emele getirýär. Bu beýik sazlaşyk geçmiş bilen şu günüň, şu gün bilen röwşen geljegiň özenini düzýär. Çünki ajaýyp kitaby okanymyzda, Änew şäheriniň häzirki döwrümizde ösüşlere beslenýändigine, röwşen geljeginiň bardygyna göz ýetirýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Änew şäheri ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr. Ýaş nesillerde şöhratly taryhymyza buýsanjy döretmekde, olaryň watansöýüjiligini ýokarlandyrmakda hem-de halkymyzyň gadymy medeniýetine göz ýetirmeginde şeýle kitabyň örän uly ähmiýeti bardyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň medeniýetini, milli ýörelgelerini ösdürmekde, baýlaşdyrmakda irginsiz alada edýär. Milli ýörelgeler şöhratly taryhymyzyň irki döwürlerinden gözbaş alyp, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ylymly-bilimli bolmak ýaly iň oňat häsiýetlerinden, asylly garaýyşlaryndan kemala gelipdir. Şeýle asylly häsiýetleri, milli ýörelgeleri ösdürmek we baýlaşdyrmak, geljekki nesillere ýetirmek bolsa, mukaddes işdir.
Çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döredip, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Çary SAPAROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.