TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY, GÖZELLIGIŇ GÖWHER DAŞY

    Ösüş-özgerişler bilen bedew batly öňe barýan eziz Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Milli gymmatlyklarymyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2024-nji «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynyň 15-ne hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sungat ojagymyzyň mugallymlarynyň we bagtyýar zamanamyzdan ylham alýan talyp ýaşlaryň «Türkmen bedewi – 2024» atly döredijilik sergisi açyldy. Türkmen halkynyň mukaddes uçar ganaty hasaplanýan ahalteke bedewlerimiziň deňsiz – taýsyz owadanlygyny wasp edýän ajaýyp eserler sungatyň dürli ugurlary bolan nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk we keramika ugurlary boýunça sergilendi. Eserlerde diňe bir ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň keşpleri janlandyrylman, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip, yglan edilen Änew şäheriniň gözel ýadygärligi bolan Seýit Jemaleddin metjidi bilen baglanyşyklylary hem bar.

    Ýaş suratkeşleriň çeperçilik işlerinde türkmen bedewleri tebigatyň kuwwatly we erkana jandary, ynsanyň wepaly hemrasy hökmünde görkezilýär. Munuň özi diňe bir türkmen bedewleriniň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatman, olara ählumumy söýginiň, köp asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän buýsanjyň beýanydyr. Oňa mysal edip «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Toýly gün» atly eserini görkezmek bolar. Nakgaş öz eserinde milli mirasymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewimizi rowaçlygyň nyşany hökmünde nepis suratlandyryp, arka tarapynda bolsa asuda asmanyň astynda paýtagtymyzyň gözelligini görkezipdir. Mundan başgada «Grafika» kafedrasynyň mugallymy Parahat Gapançaýewiň «Meleguş», «Ahalteke» atly eserleri, «Grafika» kafedrasynyň  4-nji ýyl talyby Ýusup Geldiýewiň «Bedew» atly eseri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

    «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewanyň «Arkajyň erkin atlary», 4-nji ýyl talyby Serdar Jumaýewiň «Joşgun», 5-nji ýyl talyby Daýanç Taşenowyň «Bedew» ýaly heýkel eserlerinde ýaş heýkeltaraşlar ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, çeýeligini hereketleriň çeper çözgüdi bilen suratlandyrypdyrlar.

    Sergide ýaş zergär talyplarymyzyň we ussat mugallymlarymyzyň kümüşden hem-de altyn çaýylan behişdi bedewlerimize niýetlenen şaý-sepler toplumlary, bezeg önümleri hem sungat söýüjilere hödürlendi. Olaryň içinde Abraý Annaýewiň öz döredijilik işi bolan «Milli mirasymyz» atly şaý-sep toplumy sungat muşdaklarynda uly täsir galdyrdy.

 

Döwrangeldi MOÝTYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY