TÜRKMEN SPORTY DABARALANÝAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň güwäsidir. Gözel paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy bolup, oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlar gatnaşýar. Gyşky oýunlar toplumynda geçirilýän duşuşyklar sport janköýerlerine egsilmez şatlyk paýlaýar. Halkara ýaryşymyza ýokary derejede uly taýýarlyk görüldi. Häzirki döwürde ýaşlarymyz sportuň hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşleri bilen hem meşgullanýarlar. Paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmen ýaşlary ençeme gezek dünýä ýaryşlarynda ýeňiji bolup, ýaşyl tugymyzy al-asmana göterýärler. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

 

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Iýun 2024 | 85 okalan

BUÝSANÇNAMA

29 Iýun 2024 | 96 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR