EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — SAGDYNLYGYŇ BINÝADY

      Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, bol suwly deňizdir derýalary bilen adygan güneşli Diýarymyzyň ajaýyp tebigat dünýäsi özünde tebigy täsinlikleriň birnäçesini jemleýär. Türkmen tebigatynyň täsinliklere, gözelliklere baý künjekleriniň biri-de Köýtendagdyr. Gojaman Köýten özboluşly tebigy keşbi, dag-dereleri we jülgeleri bilen dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Tebigatyň eçilen bular ýaly ajaýyplygyny, elbetde, biziň her birimiz gorap saklamaga borçludyrys. Mälim bolşy ýaly daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak, ekologiýa abadançylygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem bu ugurda işler üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.

      Ýurdumyz diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen hem ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri bilen hem çykyş edip gelýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem goldanylyp, giň seslenmä eýe bolýar. Bu işlere bagtyýar türkmen ýaşlary hem uly buýsanç bilen gatnaşyp, Watanymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny giňden wagyz edýärler. Şu maksat bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary bilen bilelikde welaýatymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köýtendagyna gezelenç guradyk. Gezelenjiň dowamynda Köýtendagyň gaýtalanmajak iň ajaýyp ýerlerine aýlandyk, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen içgin tanyşdyk. Bular dogrusynda özara pikir alyşmak maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny hem geçirdik. Oňa guramamyzyň etrap we şäher geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. Bagtyýar ýaşlar gaýtalanmajak gözelligi özünde jemleýän Köýtendagynyň ajaýyp täsinliklerini ylmy taýdan öwrenmekde, sebitiniň biodürliligini gorap saklamakda döwlet syýasatymyzda alnyp barylýan işler dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny dile getirdiler.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY