Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri dünýä derejesinde ykrar edilýär. Şeýle ykrarnama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ählisi eýe bolýar. Bu babatda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Döwletiň ösüşinde ylym-bilim ulgamynyň tutýan orny iňňän uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden kemala gelen «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» kitabyny okamak biz ýaşlar üçin bagtdyr. Bu kitapda bilim ulgamyndaky öňegidişlikler, ösüşler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasy esasynda dörän jümleler bilimiň ýaşaýyşda derwaýysdygyna göz ýetirmäge kömek edýär. Bilim – ýaşaýşyň ylham çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ylym bilen meşgullanmak iňňe bilen guýy gazmak ýaly kyn işdir. Bu kitabyň iňlis-rus dillerinde neşir edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy netijesinde dünýä inen bu kitap, biz — ýaşlar üçin uly gollanmadyr. Çünki bu ajaýyp eser ýaşlaryň kalbyny joşduryp, bilime bolan höwesini, söýgüsini artdyrýar. Her setiri pähim-paýhasa ýugrulan bu eser ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary bu kitaby özlerine durmuşda ýol-ýörelge edinýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, geljekde-de Watany gülletmäge çalşarys. Halkyny gün kimin çoýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa ÇOWDUROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.