OBA HOJALYGYNDA DÖWREBAP ÖZGERTMELER

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatynyň oňyn netijeleridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” boýunça ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýokary önümçilik görkezijileri gazanylýar.

       Ýurdumyzda täze senagat, önümçilik desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagy, kärhanalaryň öndürijilik kuwwatynyň artdyrylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdarynyň azaldylmagy, ýerli önümçiligiň esasynda bazarlarda haryt bolçulygynyň döredilmegi babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan döwletli işler hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ozal diňe çig mal öndüren bolsa, ony täze taryhy döwürde ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän obasenagat toplumlaryna öwürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

       Ýurdumyzyň obasenagat toplumy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, halkyň bolelin, bagtyýar durmuşyny, azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalygynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine, onuň senagatlaşdyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylygy ylmy esasda alyp barmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyz boýunça bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary hem öz halal zähmetleri bilen Watan harmanyna mynasyp goşant goşýarlar.

       Olar ýylyň-ýylyna uly zähmet üstünlikleri bilen pagta, bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýärler. Obasenagat toplumynyň binýadyny pugtalandyrmak üçin iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň goýberilmegi hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy ekinleri ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwrüň kämil tehnologiýalary we telematik ulgam bilen üpjün edilen oba hojalyk tehnikalary sanly ulgamyň ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna hem barha berk ornaşdyrylýandygynyň, bu ulgamyň döwür bilen aýakdaş ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

       Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, halkyň bolelin durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

 

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY