BELENT SEPGITLERE ROWANA WATAN

     Bedew bady bilen ösüşli menzillere rowana bolýan ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda sport ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde çawy äleme dolan döwletimiz halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýle ýaryşlaryň biri hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-20-nji apreli aralygynda gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilýän hokkeý ýaryşydyr. Bu ýaryşa dünýäniň 10 döwletinde 10 sany oýunçy topary gatnaşýar. Biziň döwletimizden bolsa, hokkeý boýunça ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary gatnaşýar.

     Hokkeý sportuň gyşky olimpiýa görnüşleriniň arasynda dünýä boýunça iň meşhury hasaplanýar. Bu oýun örän gyzyklylygy we çekeleşikliligi bilen tapawutlanýar. «Hokkeý» sözi fransuzça «hoquet» diýen sözden gelip çykyp «çopanyň taýagy» diýen manyny aňladýar. Ilkinji hokkeý meýdançasy bolsa, kwadrat görnüşinde bolupdyr we bu ugurda ilkinji oýun 1875-nji ýylyň 3-nji martynda Monrealdaky «Wiktoriýa» meýdançasynda geçirilýär. Ilkibaşda hokkeý toparlarynda 9 oýunçy, soň bolsa 7 oýunçy oýnaýardy. Diňe 1904-nji ýyldan başlap her toparda 6 oýunçy oýnap başlaýar. Hokkeý oýnalýan meýdançanyň buzy adatça 7,6-10 sm galyňlyk bilen guýulýar. Oýuna başlamazdan ozal, gowy typmak üçin şaýbany doňdurýarlar. Şaýbaly hokkeý dinamiki oýun hasaplanylýar. Mysal üçin, bir derwezeçiniň derwezeden 18,3 m daşlykdan alnan pökgini saklamak üçin bary-ýogy 0,45 sekunt wagty bar. Şeýle çekeleşikli ýagdaýda geçýän hokkeý oýuny gadymylygyna garamazdan häzirki wagtda hem uly meşhurlyga eýedigine bu ugurda geçirilýän halkara ýaryşlaryň üsti bilen hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hokkeý boýunça ýurdumyzyň birinjiligini bermän gelýän «Galkan» toparyna bu gezekki ýaryşda hem üstünlik hemra bolsun! At-owazasy äleme dolan Türkmenistan döwletimiziň baýdagy hemişe belentde parlasyn!

     Türkmen sportunyň belent sepgitlere ýetmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY