TÜRKMENIŇ MILLI TAGAMY – KÖJE

     Elleri tagamly ene-mamalarymyz geçmişde däneli-kösükli ekinlerden ençeme milli tagamlary taýýarlamak bilen, olary beýik sungat derejesine ýetiripdirler. Bular barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda giňişleýin gürrüň edilýär. Milli tagamlarymyz halkymyzyň myhmansöýerliginiň özboluşly güwäsidir.

     Her milli tagamyň öz taýýarlanyş usuly, myhmanyna görä saçaga äberilişi bar. Mysal üçin, palaw tagamy myhman gelen ýerinden ugrajak bolan pursatlarynda hödürlenilýär. Ýagny, palaw tagamy myhmanyň soňky tagamy hasap edilýär.

     Ene-mamalarymyz milli tagamlaryň ençeme görnüşini taýýarlamak bilen, toý-baýramlarymyzy dabaralandyrypdyrlar. Şolaryň arasynda jöwen dänesinden taýýarlanylýan köje aýratyn many-mazmuna eýedir. Ene-mamalarymyz köje tagamyny taýýarlamazdan öň, gowy bişen jöweni saýlap alyp, ony ýuwup, arassalapdyrlar. Soňra bolsa guradyp, agaç sokuda döwüp, ýençgiläpdirler. Jöwen däneleri ýarma görnüşine gelenden soňra, saýlanan, ýuwlan jöwen ýarmasyny duzlanan suwda taýýar bolýança, gaýnadypdyrlar. Etli köje taýýarlananda, eti we sogany aýratyn gowrup taýýarlanylýar. Munuň üçin, et böleklere bölünip, gaty gyzdyrylan ýagda maýda dogralan düýp sogan, sarymsak goşup gowrulanda, köje has hem tagamly bolýar.

     Etli köje köplenç ýagdaýda howanyň sowuk döwründe, ýagny gyş aýlarynda taýýarlanylýar. Sebäbi gyş döwründe ynsan bedeni köp kaloriýany talap edýär. Şonuň üçin, etli köje hem-ä dok getiripdir, hem bedeni sowukdan gorapdyr. Köje tagamy berhizli adamlar üçin has hem peýdalydyr.

     Çally, gatykly köjäniň taýýarlanyşy barada aýdylanda, onda hem jöwen ýarmasy ýokardaky görnüşde taýýarlanylýar. Jöwen ýarmasy suwda gaýnadylyp, bişirilenden soňra, ony gatyk ýa-da çal bilen garyp, sowuk ýagdaýynda ýaz, tomus aýlarynda ulanýarlar. Tomus aýlarynda taýýarlanan gatykly, çally köjeler ynsan bedenini suwsuzlykdan gorapdyr hem-de dok getiripdir. Adatça çally köjelere duz köpräk atylyp, ondan duzuň tagamy gelip durýar. Çally köjeler hem etli köjeler ýaly adam saglygy üçin peýdalydyr.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher

merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY