BUÝSANÇLY BEDEWLER

     Garaşsyz we baky Bitarap döwletimiziň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle uly toýlaryň biri-de her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýän türkmen bedewiniň milli baýramydyr.

     Halkymyz bedewlere çäksiz sarpa goýýar. Çünki geçmişde olaryň bitiren işleri sanardan has kän. Uzyn boýly, inçe billi, ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewler her bir gerçek ýigdiniň müdimilik hemrasy, köňlüniň daýanjydyr. Öňki döwürlerde türkmen ojagynyň duluny atsyz göz öňüne getirmek hem mümkin bolmandyr. Olar ulag hökmünde ulanylyp, jemgyýete bimöçber ýardam beripdirler.

     Il arasynda at barada aýdylan nakyllar, atalar sözi ummasyzdyr. “Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz”, “At agnan ýerde toý bolar”, “Aty baryň ganaty bar”, “Atdyr ýigidiň ýoldaşy, oguldyr döwletiň başy”, “At-myrat” ýaly nakyllar asyrlardan aşyp biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen jümle halkymyzyň atlara örän belent derejede hormat goýýandygyny subut edýär.

     Behişdi bedewlerimiziň waspy edebiýatymyzda hem uly orna eýedir. Ata Gowşudowyň “Dordepel” powestinde halkyň ynamyny ödän, ili daşary duşmandan halas eden Dordepeliň görkezen edermenlikleri beýan edilýär.

     XIX asyryň görnükli wekili Annagylyç Mätäji “Bedew” goşgusynda sapaly atlaryň bahasynyň çäksizdigini şeýleräk belläp geçipdir:

Beglere bermen seni ýüz maý, ýüz ner bolmasa,

Olaryň üstünde ýüki eşrepi ýa zer bolmasa,

Gymmat etsem göwünlä, müň tümen pully bedew.

     Gahryman Arkadagymyzyň “Bedew”, “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ajaýyp eserleri tutuş ynsanyň nazaryny özüne çekýär. Biziň ýurdumyzda atlary idetmäge, atçylyk bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gamyşgulak bedewlerimiziň at-owazasy belentden-belent ýaňlansyn! Ýurdumyz bedew bady bilen has-da öňe gitsin!

 

Arazgül MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY