PARAHATÇYLYGYŇ BELENT YKRARNAMASY

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär.

      Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen, resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň esasy böleginiň bitaraplyk we parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolup, ol dünýä halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan syýasy üstünlikdir.

      1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol seneden bäri geçen taryhy döwürde döwletimiz abraýly we täsirli daşary syýasaty gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, wajyp başlangyçlary öňe sürüp, olary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýädäki abraýyny has-da belende göterdi. Agzybirligi baýdak edinip, geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

      Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy berkitmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak boýunça dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: “Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr” diýip aýdanlary-da, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi.

      Ata Watanymyz dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek başlangyjyny indi ikinji gezek resmi taýdan ykrar etdirmegi ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň öňi bilen parahatçylyk söýüji, hoşniýetli halk bolanlygyndan habar berýär. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda kabul edilen Kararnama esasynda, 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçipdi. Şol wagt Türkmenistanyň bu başlangyjyna BMG-ä agza ýurtlaryň 73 sanysy awtordaş bolan bolsa,  täze adybir Kararnamada 86 ýurduň awtordaş bolmagy Türkmenistan bilen deň derejede gatnaşýan ýurtlaryň sanynyň barha artýandygyny, parahatçylyk we ynanyşmak dialogyny berkitmegiň zerurlygynyň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

      Bu resminamanyň kabul edilmegi döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem, ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.

      “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasatynyň barha rowaçlanmagy bagtdan paýly türkmen ilini juda buýsandyrýar. Bu gün ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, zeminde parahatçylygy berkitmek, ähli halklaryň birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny öňe sürýär we bu ugurlarda hemmelere nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.

      Täze taryhy döwürde dünýäde ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän, adamzadyň abadan we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, içeri we daşary syýasat ugrunda alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY