AHALTEKE BEDEWI — TÜRKMEN TOPRAGYNYŇ GENJI-HAZYNASY

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenmegi, ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär.

     Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerinde Polatly aýlaw ýolunyň gurlup, ol ýerde dabarasy dag aşan bu bedewiň hormatyna ajaýyp heýkeliň oturdylmagy, Arkadag şäherinde Akhan şaýolunyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bolmagy, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde atçylyk-sport toplumlarynyň bina edilmegi, Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynyň  münberinde ahalteke bedewiniň keşbiniň ýerleşdirilmegi, 2017-nji ýylda baş şäherimizde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport görnüşleriniň sanawyna atçylyk sportunyň hem goşulmagy ahalteke bedewlere goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ählimiz üçin buýsançlydyr.

     Türkmen bedewiniň milli baýramyna barýan günlerimizde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde behişdi atlarymyzyň şanyna şatlyk-şowhuna beslenen dabaralaryň, maslahatlaryň we täsirli çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy ählimizde guwanç-buýsanç duýgularyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde alyp barýan işleri ählimizi guwandyrýar. Bu gün ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhradyny, sarpasyny arşy belentliklere göterendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

 

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan

etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY