SANLY ULGAM — DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy barha belent sepgitlere ýetýär. Bu ulgamyň döwrebap kämilleşmeginde sanly ulgama, innowasion tehnologiýa berilýän ähmiýetiň orny uludyr. Häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy tutuş adamzadyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem bu gün ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli kämilleşdirilip, okuw mekdepleri, ylmy edaralar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Okuw derslerini okatmakda, ylmy işleri alyp barmakda dünýä ylmynyň usullaryndan peýdalanylýar.

       Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalary dünýä tejribesi bilen sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde adamzat durmuşynyň ähli ulgamyna  aralaşýar. Esasan-da, täze tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy dersiň mazmuny baýlaşdyrýar, okatmagyň usulyny kämilleşdirýär, okuw gollanmalarynyň düzümi özgerýär. Häzirki wagtda bilim ulgamynda internet ulgamynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Internet adamyň işini ýeňilleşdirip, elektron kitaphanalarda we beýleki gerek bolan maglumatlary tapmaga, dürli iş programmalary ulanmaga mümkinçilikleri döredýär. Internet ulgamy diňe bir maglumatlarynyň alyş-çalşygyny däl-de, onuň üsti bilen söhbetdeşlik, audio hem-de wideo baglanyşyklary guramak mümkinçiliklerini berýär. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän söhbetdeşligiň hatarynda uzak aralykdan okatmak usuly aýratyn orun eýeleýär. Bu usul ýurdumyzda okatmagyň görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu babatda Diýarymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

       «Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürmek hakynda» Konsepsiýa laýyklykda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu wezipeler dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

 

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY