SAGDYN DURMUŞ - ÝÖRELGÄMIZ

      Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegine, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

      Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýä garaýyşly bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär.

      Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Ine, şu günler hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat säher Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Sportuň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygy asyrlaryň subut eden hakykatydyr. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda merjen şäherimizde hokkeý boýunça halkara ýaryşy üstünlikli dowam edýär. Bu halkara derejeli bäsleşikde ýurdumyzyň milli ýygyndy topary hem öz ussatlyklaryny görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar.

      Ýurt parahat, il agzybir, asman asuda bolup, mähriban toprakda beýik işler rowaç alanda ýaşaýyş has gözelleşýär, kalbynda döretmek, gurmak höwesi möwç alýar. Sportda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmagyň ýolunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.

 

«Aşgabat» gazeti.

18.04.2024 ý.

Öňki makala

SOWGAT (hekaýa)

Indiki makala

ÝÜPEGIŇ UÇLY BOLSUN!

Meňzeş habarlar

29 Iýun 2024 | 85 okalan

BUÝSANÇNAMA

29 Iýun 2024 | 96 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR