Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny idetmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça degişli işler üstünlikli dowam edýär. Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýyşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigy seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap bolup, onuň ýaşaýşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Gurçugy ösdürip ýetişdirmegi diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar.
Ýüpek gurçugynyň bedenindäki madda çalşygy üçin kesgitli temperaturasy zerurdyr. Organiki maddalaryň, esasan hem bedeniň dokumalaryndaky süýjüniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir. Okislenme ýagdaýy näçe güýçli bolsa, şonça-da ýylylyk emele gelýär. Ýylylygyň daşky çeşmesi barada aýdylanda bolsa, ol Gün şöhlesidir, onuň ýetirýän täsiri bolsa ikinji derejedir. Ýüpek gurçuklarynyň tohumyny tomus möwsüminde saklamagyň iň amatly ýagdaýy 24-25 С aralygydyr. Gurçuga öwrülme bolsa 10 gradusda bolup geçýär.
Ýüpek gurçugynyň kadaly ösüşi üçin çyglylyk hem zerurdyr. Temperaturasy näçe aşak düşse howanyň çyglylygy ýokarlanýar. Bedende bolup geçýän madda çalşygy howanyň çyglylyk derejesine baglydyr. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapragynyň 75%-i suwdan ybaratdyr. Bu suwyň bir bölegi gurçugynyň içegesi tarapyndan sorulyp alynýar, suwuň galan möçberi bolsa bedeniň daşyna nejasat bilen bile çykýar. Sorulyp alnan suwuň 40%-i buga öwrülýär, galan 60%-i bolsa bedende galýar.
Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişinde iýmit meýdanynyň ölçegi onuň ösüşine we kadaly iýmitlenişine uly täsir edýär. Ol meýdanyň kiçi bolmagy gurçuga az iýmit ýetmegine getirýär, berlen iým bolsa nejasatlar arkaly hapalanýar. Gurçuklaryň gür ýagdaýda ýerleşmegi bir-birine zeper ýetirip biler, olaryň aýaklaryndaky dyrnajyklar bilen bir-birini ýaralap bilerler. Bu bolsa olaryň ganynyň hapalanmagyna getirmegi mümkin.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlaryna ýylboýy ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär. Ýüpek gurçuklarynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde esasan uglerod, kislorod, wodorod we azot ýaly himiki elementler bar. Ýüpek gurçugy iýmitlenýän döwründe beloklar,ýaglar, uglewodlar, duz, suw ýaly dürli maddalar onuň üçin energiýa çeşmesi bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda hem ýüpek gurçugy talaba laýyk ösdürilip ýetişdirilýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary bilen bilelikde, ýüpek gurçugynyň ösdürilip ýetişdirilişine kömek berip, öz goşandymyzy goşýarys. Biz ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-nyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.