ADY ARŞA GALAN BEDEWLER

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyga we atly sporty ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ynsan medeniýetiň ösüşiniň dürli döwürlerinde bedew atlaryň uly orny bar. Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere çykýar. Mälim bolşy ýaly, däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşikleri hem-de baýramçylyk çapyşyklary guralýar. Ata Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bedew badyna deňelmegi bolsa, ahalteke bedewiniň halkymyzyň ruhuny, bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ösüşleriniň depginini aýdyň şöhlelendirýändigini äşgär edýär.

      Türkmen bedewiniň waspy asyrlar boýy şahyrlaryň diliniň senasyna öwrülip gelýär. Ahalteke atlary ýaly ýüwrük, dogumly, çydamly, edil säher şapagynyň şuglasy ýaly ýalkym saçyp duran atlar dünýäniň başga ýerinde ýokdur. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

      Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynda hem geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler, surat bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar, guralýan sergiler giň gerim alýar. Bagtyýar ýaşlarymyz bu ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşyp, öz döredijilik işlerinde we surat eserlerinde milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen bedewiniň waspyny beýan edýärler. Dabaralarda edilýän çykyşlarda bolsa, türkmen bedewiniň dünýä ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty wasp edilýär.

      Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY