ÝAŞLAR – ÝURDUŇ BEÝIK GELJEGI

     Täze taryhy eýýamyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowana ýolundan şanly geljegine barýan ata Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler ilkinji nobatda, ýaş nesliň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň özi bir hakykaty, ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň hem-de ýurdumyzy gülläp ösüşiň şaýoluna ataran köptaraply özgertmeleriň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini tassyklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu hakykaty pederlerimiziň gadymdan gelýän ajaýyp ýörelgeleri bilen berk baglanyşdyrýar. Sebäbi ýurduň geljegi bolan ýaş nesilleri aýratyn alada-söýgi bilen gurşap almak, olara iň gowy zatlaryny bagyş etmek merdana halkymyzyň kämillige ýeten ýörelgeleriniň biridir. Bu ajaýyp ýörelge ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri şeýle buýsançly hakykatyň subutnamasy bolup dünýä ýaň salýar.

     Akylly-başly, döwrüň talaplaryna aýak goşup bilýän, ylymly-bilimli, hünärli, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ýetilýän sepgitler döwlet derejesinde edilýän uly aladalaryň oňyn miweleridir. Halkymyzyň köpasyrlyk baý durmuş tejribesine daýanmak arkaly ýaş nesilleriň ruhy-ahlak, medeni hem-de aň-bilim, beden taýdan ösüşinde nusgalyk terbiýäniň, döwrebap bilimiň berilmegi, munuň üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» muňa anyk subutnamadyr. Maksatnamada öňde durýan şeýle asylly maksatlara ýetmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermekde kesgitlenen wezipeler, kabul edilen hukuk resminamalary ýaş nesil baradaky şunuň ýaly nusgalyk aladalaryň mazmun baýlygyny has-da artdyrýar.

     Ýurdumyzda ýaşlary goldamagyň ugurlarynyň şunuň ýaly anyklygy aýratyn ünsi çekerlikdir. Sebäbi edilmeli işler anyk kesgitlenende öňde goýlan maksatlar myradyna gowuşýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çuňňur mazmunynda doly göz ýetirýäris. Ýurduň geljegini gurujylar bolan bagtyýar ýaşlarymyzy şunuň ýaly dünýä nusgalyk atalyk aladalar bilen gurşap alan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!

 

Guwanç ÇENDIROW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY