Gülden görk alan, äleme ýaň salan türkmen bedewi özüniň gaýtalanmajak owadanlygy, ýyndamlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Ol beýik ussadyň – türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden sungatydyr.
Dünýäde iň ýüwrük we owadan bedewler hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan ahalteke atlary döwletli döwranymyzda ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Türkmen toýunda at çapdyryp baýrak bermek milli ýörelgelerimiziň esasyny düzýär. Halkymyz özüniň wepaly dosty bolan bedewlerini aýap, ony toý-tomaşalarda gelin-gyzlaryny bezeýşi ýaly bezäpdirler. Bedewi şaý-sepe beslemek gadymdan gelýän däpleriň biri hasaplanýar. Türkmen milli şaý-sepleri Aýdan-Günden görk alan ýyndam bedewlerimiziň gözelligine gözellik çaýýar.
Häzirki döwürde zergär ussalar göwün ganatlary bolan bedewlerimizi bezemegiň gadymy däplerini uly yhlas we janypkeşlik bilen baýlaşdyrýarlar. Demirden örtgüler, şelpeler we sowutlar doga-tumaryň hyzmatyny ýerine ýetirip, inçelik bilen ýasalan zergärçilik sungatynyň önümlerine öwrülipdirler. Türkmen at esbaplarynyň şol bir wagtyň özünde şaý-sep hem bolup durýan nusgawy toplumyna uýan, göwüsbent, maňlaýlyk, alagaýyş girýär.
Maňlaýlyk – atyň maňlaýyna dakylýan bezegi. Ol tegelek süýnmek görnüşlerde bolýar. Bedewi gözden-dilden goramak üçin onuň maňlaýlygy hökmany suratda iri hakyk daşy bilen bezelýär. Atyň gursagyna bolsa gorag üçin gülýaka meňzeş göwüs bent dakylýar. Ol kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylýar we gymmatbahaly daşlar bilen bezelýär. Alagaýyş – bedew atlaryň iň esasy bezeg esbaplarynyň biri. Alagaýyş bolanda adyndan belli bolşy ýaly atyň uýanyndan başlap, ýantanapyna çenli gaýyşdan ýasalyp, şol gaýyş hem birsydyrgyn ýygylykda kümüşden halkalanyp çykylýar.
Türkmen bedewi şu toprakda türkmeniň özi bilen kemala gelipdir. Şonuň üçinem türkmen bedewini türkmenden, türkmen topragyndan aýyrmak mümkin däl. Olar ajaýyp reňklerini hem tebigatdan alypdyrlar. Ýagny, boz bedew öz reňkini toprakdan alypdyr. Gyr – çala ýakyn, kümüşsöw, garaňkyrak çal reňk. Ol Görogly begiň bedewiniň reňki. Dor at – lowurdap ýalkym saçýan Günüň, çägäniň reňkinden görk alan özboluşly täsinlik. Alaja at – alagaraňkylyk, gije bilen gündiziň sazlaşygy. Ak bedew – aklygyň, ýagty geljegiň alamaty. Gara bedewiň reňki gijäniň tümlügini ýadyňa salýar. Mele at – türkmeniň mele topragy, mele çägesi. Ine, şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän türkmen bedewi tebigatyň beren gaýtalanmajak peşgeşidir.
Galkynyşyň ganaty hökmünde häsiýetlendirilýän bedewleriň şanyna ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Üstümizdäki ýylda bu baýramyň Ahalteke atlarynyň dogduk mekany – Arkadag şäherinde geçirilmegi dabaralaryň şowhunyny artdyryp, bedewlere goýulýan sarpany has-da belende göterdi.
Görki gökde Aý bilen bäsleşýän, ýelden ýüwrük Ahalteke atlarynyň çawyny dünýä doldurýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, asyrlara ýalkym saçýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.