Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda erkana ýurdumyz şanly ösüşlere beslenýär. Şol ösüşler milli,ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna giň ýol açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde atçylyk sungaty has belent derejelere ýetirilip, häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada aýdylanda, ilkinji nobatda ady äleme ýaň salan ilkinji akylly şäher Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, täze athana toplumynyň açylyp ulanylmagy berilmegi hem-de atçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly döredilen mümkinçilikler bu pudagyň has hem belent derejelere göterilmeginiň binýady bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler»,«Gadamy batly bedew» ýaly kitaplary bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuna düşünmäge giň mümkinçilik berýär. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabyny okanyňda, şeýle oý-pikir dünýäsine berilýärsiň: «Türkmen hem türkmen bedewiniň bitewilik kitaby». Bu hakykat kitabyň ilkinji sahypasynda-da belli. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Oguz hanyň pentlerini, Gorkut atanyň boýlaryny, Göroglynyň batyrlygyny we Magtymgulynyň watançylygyny bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek we seýislemek sungaty bilen baglanyşdyrýar.
Ahalteke bedewlerimiz baý milli-mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, çünki ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň telwasly köňlüniň uçar ganatydyr,merdem syrdaşydyr. Behişdi bedewlerimize bagry badaşan atşynaslarymyz ýyllar boýy irginsiz zähmet çekmek bilen , seýisçilik ukyby, tälimleri bilen atçylygy ösdürip, kämilleşdirip, ony sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Bu günki günde bolsa behişdi bedewlerimiziň gözelligi, ýyndamlygy hem-de ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy we türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly ruhubelentlikde toýlanylmagy agzybir halkymyzy buýsandyryp, olaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan çäräler, halkara maslahatlar, ahalteke atşynaslygynyň taryhyny açyp görkezýän giň gerimli sergiler milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza hem-de şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimize guwanjymyzy we buýsanjymyzy has hem artdyrýar. Hawa, dünýäniň gözellik bäsleşiklerinde hemişe baýrakly orunlary eýeleýän ahalteke bedewleriniň häsiýet çuňlugyndan başga-da, olaryň owadan görnüşi akylyňy haýrana galdyrýar. Şonuň üçin hem olary gözden- dilden goramak üçin türkmen bedewiniň bezegleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Toý gününde bedewlerimiziň bezenişi, al-ýaşyl geýinen, dürli gymmatbaha şaýlara beslenen türkmen zenanlarymyzdan kem bolmandyr. Sebäbi, behişdi bedewlerimiziň şaý -sepleri kümüşden ýasalyp, ol lagly merjenden, zümmerret daşlaryndan gaş goýlup sünnälenipdir. Aýtmaklaryna görä, kähalatlarda türkmen bedewiniň bezegi üçin ulanylýan kümüş 36 kilograma çenli baryp ýetipdir. Irki döwürlerde bezeg şaýlary diňe bir aty bezemek bilen çäklenmän söweşlerde aty naýza, peýkam , gylyç ýaly tygly ýaraglaryň ýara salmagyndan hem gorap, at üçin galkan hyzmatyny hem ýerine ýetiripdir. Sebäbi, halkymyzyň, onuň merdana gerçekleriniň öz topragyna ömürlik ykbalyny baglap, baky wepaly bolandygy bize taryhyň galyň gatlaryndan belli. Şeýle bolansoň, onuň özüne çeken bedewiniň-de, diňe şu mukaddes, keramatly toprakdan kemal tapyp, ebedi örňäp gelýändigi baradaky garaýyş ýürek töründe watançylyk duýgusyny şuglalandyrýar.
Bir söz bilen aýdanymyzda, ynsan hem bedew gözelligi ýurduň gursagyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bezeýär, ajaýyp zamanymyzy has hem gözelleşdirýär.
Goý, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen, ajaýyplygy, gaýtalanmajak gözelligi bilen umumadamzat gymmatlyklarynyň birine öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny täze belentliklere götermek üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.