Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça açyk ders bäsleşigi internet arkaly geçirildi. Bäsleşigiň maksady ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, Watanymyzyň taryhy boýunça özbaşdak pikirlenmegi başarýan, taryhyň özleşdiren tejribesine ylmy esasda göz ýetirmäge ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.
Bu bäsleşik onlaýn görnüşde geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden jemi 96 talyp gatnaşdy. Bäşleşik düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda test görnüşli soraglara jogap bermek arkaly geçirildi.
Netijede Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň toparlary tapawutlandylar.
Maral MEREDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy.