22-nji aprelde Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi.
Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi.
Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, köpçülige görkezildi. Bu atlaryň her biri meşhur nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşyna, gözelligine mynasyp baha berdiler.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň jemi jemlenilende, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiji bedewleriň atlary yglan edildi. Olar gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylar.
turkmenportal.сom
23.04.2024 ý.