Türkmen halysy halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň iň bir naýbaşysy hasaplanylýar. Çeper elli, ezber türkmen halyçy gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda bu sungatyň özboluşly aýratynlyklaryny kemala getirip, ony şu günki nesillere ýetirmeklik üçin alada edipdirler. Türkmen halysynyň her bir çitiminde şöhratly taryhyň beýany, asyrlaryň ýaňy ýatyr. Ol wagtyň ýowuz daramalaryna döz gelip, eýýamlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýdyň şöhlelendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu inçe senediň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyndan orun almagy örän guwandyryjydyr. Milli halyçylyk kesbi halkymyzyň durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, ýer ýüzünde medeni özboluşlylygymyzyň görkezijisi hökmünde çykyş edýär.
Öz gözbaşyny mele topragyň gymmatlyklaryndan alyp gaýdýan türkmen halysy ynsany tebigat bilen ysnyşdyrýar. Halydaky nepis keşdeler tebigatyň ajaýyplyklaryny şöhlelendirýär.
Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynda türkmen halysynyň uly orny bar. Perzent dünýä inende oňa haly dokalyp, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Toý tutulanda täze gelen gelni halynyň üstünde – hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar.
Irki döwürlerde daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden halylar uzak wagtyň geçmegi bilen biziň günlerimize çenli kämilleşip, sungat derejesine göterildi. Haly dokalan halatynda wagt hem çeper elli halyçylara boýun egýär, onda güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, yhlas bilen ýerine ýetirilýär. Türkmen jemgyýetinde gyz-gelinleriň haly dokamaklyk sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Bagtyýar zamanamyzda ene-mamalarymyzdan galan bu miras türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň güni giňden bellenilip geçilýär.
Diýarymyzda haly önümleriniň çitiminiň beýikligi, olaryň görnüşleri, reňklemek üçin ulanylýan önümler dokalýan sebitine görä tapawutlanýar. Olardaky esasy aýratynlyk göllerdir nagyşlarda ýüze çykýar. Döwlet baýdagymyzda hem ýurduň esasy bäş sany Teke (Ahal), Ýomut (Balkan), Saryk (Mary), Çowdur (Daşoguz) we Ärsary (Lebap) welaýatlaryny alamatlandyrýan 5 sany göli görmek bolýar. Göller öz sebitine mahsus bolan aýratynlyklary we tiräniň taryhyny şöhlelendirmek bilen, tugra öwrülipdirler. Göller arkaly, mertlik, gahrymançylyk, ata Watana ygrarlylyk ýaly düşünjeler beýan edilipdir. Dürli welaýatlarda ýaşaýan türkmenlere mahsus bolan göllerden başga-da köp sanly keşdeler bar. Halkymyzyň haly dokamak senetçiliginde iki ýüzli halylar duş gelýär.
Aglaba gölleriň nämäni aňladýandygy taryhyň nämälim sahypalarynda ýitip gidenem bolsa, olaryň köp böleginiň tebigaty suratlandyrýandygyny görmek bolýar. Haly gölleriniň we nagyşlaryň gizlin diline hünärmenleriň gözi bilen baksaň, köp zatlary aňladýar, ýöne islendik adam hem halyny ünsli synlasa, onuň ýüzündäki nagyşlaryň janly durmuşyň çitimler arkaly ýazylan täsin eserdigine göz ýetirýär.
Türkmen halky halynyň ruhunyň bardygyna berk ynanypdyrlar, şonuň üçin-de ony ýiti tyg bilen kesmekden saklanýarlar we gabat gelen ýere taşlamaýarlar. Halylar öz durkuny, hilini uzak wagtlap saklaýarlar, ony takmynan 300 ýyla çenli ulanmak bolýar diýip aýdylýar.
Aýgözel AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň mugallymy.