KÄMIL NESIL – BAGTYÝAR GELJEK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň ýokary synyp okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» ady bilen  maslahat duşuşygy we onuň çäginde sergi guraldy.

     1953-nji ýyldan badalga alan «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslamasy dünýäniň 182 ýurdundan 12 müňe golaý bilim edaralaryny özünde jemleýär. Bu taslamanyň esasy maksady BMG-niň hem-de ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmäge, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary öwrenmäge, olary gorap saklamaga, çagalara ýaşlykdan parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik gymmatlyklaryna sarpa goýmaga, dünýä medeni mirasyny we syýahatçylygy, şeýle-de okuwçylaryň gözleg işlerini ösdürmäge, täze maglumat kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramaga we ony öwrenmäge, maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda ýerleşýän bilim ojaklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejede ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol mekdepleriň hatarynda Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň bu abraýly guramanyň agzasy hökmünde ykrar edilmegi we oňa degişli şahadatnamanyň gowşurylmagy bilim işgärlerini netijeli zähmet çekmäge, ýaş nesilleri bilimler dünýäsine has içgin aralaşmaga ruhlandyrdy.

     Häzirki wagtda mekdepde ÝUNESKO burçy döredilip, mekdep okuwçylary bilen ýörite tanyşdyrylyş hem-de wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Geljekde hem mugallymlardan düzülen toparlaryň taýýarlan meýilnamasyna laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli mazmundaky bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary geçirmek, ýaşlaryň ylmy-taslama işlerine ýardam bermek, hünäre ugrukdyryş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar