18-NJI APREL – ÝADYGÄRLIKLERI WE TARYHY ÝERLERI GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

     1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň 22-nji Baş maslahatynda ykrar edilen karara laýyklykda, her ýylyň 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» hökmünde bellenilip geçilýär. Bu gün her ýyl ýörite şygar astynda geçirilip, 2023-nji ýylda Sydneý-de geçirilen Baş Assambleýa tarapyndan bu güni «Ýadygärlikleri betbagtçylyklardan gorap saklamak: taýýarlyk, jogap we dikeldiş» atly mowzuk astynda geçirmek barada karar kabul edildi.

     Bu halkara güni bellemegiň esasy maksady adamzady medeni ýadygärlikleriň we özboluşly taryhy ýerleriň ähmiýetine göz ýetirmeklerine ýardam bermek, we olaryň dürlüligine we seýrekligine düşünip olary gorap saklamaga höweslendirmek bolup durýar. Bu bolsa ýurtlaryň çäginde şol döwlete degişli taryhy ýadygärlikleriň, medeni gymmatlyklaryň ýitip gitmek howpunyň öňüni alýar. Bu halkara gününi yglan etmegiň maksady diňe bir ýadygärlikleri gorap saklamakdan däl-de, eýsem, olary gaýtadan dikeltmekden hem-de rejelemekden ybaratdyr.

     Bäş müň ýyllyk taryhly bolan Türkmenistan döwletimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, ÝUNESKO tarapyndan ýurdumyzyň çägindäki medeni we taryhy ähmiýetli ýerleriň we ýadygärlikleriň 1000–den gowragy hasaba alynyp, häzirki wagta çenli, ýurdumyzyň onlarça syýasy, söwda-ykdysady we medeni ähmiýetli taryhy ýadygärlikleri  we ýerleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

     1994-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda, «Bütindünýä medeni mirasy goramak baradaky Halkara konwensiýa» agza bolmak bilen, Türkmenistan bu konwensiýanyň çäginde birnäçe möhüm çäreleri durmuşa geçirdi. Türkmenistanyň «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (1999), «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2005), «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi (2007) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Zerewşan-Garagum geçelgesiniň içinde Amul-gala we Kuşmeýhan, Mansaf galasy, Könegalanyň kerwensaraýlary, at-Tahmalaj, Akjagala we Gyzyljagala ýaly taryhy ýerler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň ýurdumyzda taryhy ýadygärlikleri we medeni mirasymyzy gorap saklamaga bildirilýän ünsiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Kemal ANNAGURBANOW,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň

Sekretariatynda önümçilik tejribeligin geçýän Halkara

ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar