Berkarar döwletimizde şöhratly taryhymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi we ruhy gymmatlyklarymyzy goramak we dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykata ýakynda gadymy Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» diýen at bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Ýokary guramaçylyk ýagdaýyna eýe bolan bu halkara foruma ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri hem-de dünýä döwletleriniň alymlary, taryhçylary, arheologlary işjeň gatnaşdylar. Bu halkara maslahatyň geçirilmegi geçen ýylyň sentýabr aýynda üç döwletiň ― Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan ― Garagum geçelgesi» atly hödürnamasynyň çäklerinde bu döwlete degişli taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bilen baglydyr. Bu hödürnamanyň sanawyny düzýän taryhy ýadygärlikleriň 7-si Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşmek bilen, şolaryň biri iki müň ýyllyk taryhy bolan gadymy Amul galasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda uly yz goýan bu gadymy gala geçen asyryň ikinji ýarymyndan bäri ýerli we daşary ýurtly arheologlar tarapyndan öwrenilýär. Indi bolsa ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyndan orun alan ýadygärligi has içgin öwrenmek babatynda işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän taryhy ýadygärlige baryp gördüler. Maslahatyň gadymy gala gezelenç bilen başlanmagy daşary ýurtly myhmanlar üçin hem täsirli boldy. Bu ýerde olara geçen asyrda bu taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş işlerini geçiren alym, Tatarystan Respublikasynyň Dünýä medeniýeti institutynyň professory Albert Burhanow Amuly öwrenmek bilen bagly alnyp barlan işler barada gürrüň berdi. Şeýle hem myhmanlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelençde Amul galasyndan tapylan gymmatlyklary synladylar. Olaryň arasynda biziň eýýamymyzdan öňki II asyra degişli gymmatlyklar hem bar, ýakyn geçmişiň sahypalaryndan gürrüň berýän tapyndylar hem bar.
Giň ähmiýete eýe bolan maslahatyň umumy mejlisinde we bölümçelerinde gadymy Amul şäheriniň ösen ýaşaýyş-durmuş medeniýeti, bu ýerde senetçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň ösüşi, dürli döwürlerde galada tapylan gymmatlyklar dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi we anyk teklipler orta atyldy. Şeýle hem maslahatyň barşynda Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda halkara maslahata gatnaşyjylar üçin aýdym-sazly çykyşlar, medeni ojaklara gezelençler guraldy.
Döwran HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.