TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI GYMMATLYKLARY ÝER ÝÜZÜNDE BELENT YKRARNAMA EÝE BOLÝAR

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, halal zähmet çekmekleri, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamy ösüşiň täze derejesine çykarylyp, bu ulgamda yzygiderli ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda okap bilim alýan ýaş nesil döredilip berilýän döwrebap mümkinçiliklerden ýokary derejede peýdalanyp, kämil hünärmenler bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýarlar.

      2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güninde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamy Arkadag şäherine düşdi. Şol ajaýyp gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň açylyş toý bagyny kesip berdi we türgenleşik otagyna baryp, ol ýerde bedew atlara erk etmegiň düzgünleri, atly sportuň we atly ýörişiň ýokary mekdebinde dürli tilsimleri ýerine ýetirmegiň, sanly ulgamyň üsti bilen talyplara tejribede bilim bermegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy, şeýle hem akademiýamyz halkara şahadatnamalarynyň birnäçesine mynasyp boldy. Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyna, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasyna hem mynasyp bolmagy buýsanjymyza buýsanç goşdy. Şol ajaýyp gün Akademiýanyň binýadynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň hem açylmagy şatlygymyzy goşalandyrdy.

      Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

      «Ahalteke aty türkmen halkynyň beýik syrydyr» diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz bu beýik, gaýtalanmajak derejede kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, bilelikde taslamalary alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.

      Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny - ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» ady bilen ÝUNESKO klubynyň döredilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan tagallalaryň aýdyň netijesidir.

      Şeýle hem 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Kasanede başlanan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça Hökümetara toparyň 18-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi yglan edildi. Bu bolsa türkmen halkyny has-da buýsandyrdy.

      Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

 

Söýenç AHMEDOW,

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy,

akademiýanyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar