22-nji aprelde dostlukly döwletiň paýtagtynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly serginiň açylyşy boldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekiliýeti tarapyndan Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraldy. Şeýle hem türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanylan ylmy maslahat geçirildi.
Açylyş dabarasynda türkmen we fransuz tarapynyň wekilleri däp bolan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň ýakynlaşdyrylmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän syýasy ugry alyp barýandyklary üçin iki döwletiň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunda Pariždäki häzirki döredijilik çäresiniň köp sanly döwletleriň bolşy ýaly, daşary syýasatynyň esasynda bilelikde parahatçylykda ýaşamak hem-de hoşniýetli erke daýanýan ýörelgeler goýlan ýurdumyzyň medeni diplomatiýany özüniň baý medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, Watanymyzyň gazananlaryny wagyz etmek üçin ulanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygyna üns çekildi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergi, ylmy maslahat, medeniýet we sungat işgärleriniň konserti, däp bolan türkmen lybaslarynyň görkezilişi guraldy.
ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ottone Ramirez çykyşynyň dowamynda çäräniň, şeýle hem öçmejek eserleri we ady bilen eýýäm üç ýüz ýyl töweregi wagt bäri türkmenleriň at-abraýyny arşa göterýän şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän ornunyň we ähmiýetiniň wajypdygyny belledi. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň üstünligi aýratyn nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk arkaly türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagy, ylym-bilim hem-de beýleki ulgamlarda netijeli özara hereket etmek gazanyldy.
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynyň zallarynyň birinde guralan sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýpli işleri, Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ýurtlarynyň dürli dillerindäki goşgularynyň ýygyndylary, häzirki zaman Türkmenistan baradaky kitaplar we žurnallar, şeýle hem milli amaly-haşam we çTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynyň gymmatlyklary halkymyzyň medeni däpleri, onuň ajaýyp özboluşly sungaty hem-de egsilmez döredijilik zehinleri barada fransuz dostlarymyza aýdyň düşünje berdi. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda çärä gatnaşyjylar gadymy milli egin-eşikleri, durmuşda ulanylan zatlary, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň aýrylmaz we ähmiýetli bölegi bolup durýan amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny görüp bildiler.
Görkezilen däbe öwrülen egin-eşik nusgalarynyň hatarynda gyňaç, telpek, erkekleriň gyrmyzy dony we ezýaka köýnegi bar. Kürtelerdäki we çyrpylardaky elde nepislik bilen ýerine ýetirilen nagyşlar ajaýyplygy we owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Şeýle gymmatlyklaryň birnäçesi türkmeniň ak öýüniň içerki öý goşlary barada aýdyň düşünje berýär.
Şeýle hem sergide häzirki zaman suratkeşleriň işleri we fotosuratlar, wideoşekiller görkezilip, olar häzirki Türkmenistanyň durmuşyny, onuň täsin taryhy ýadygärliklerini, tebigaty, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik gözelliklerini aýdyň beýan edýär.
Sergide beýik türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalaryna aýratyn uly orun berlipdir. Beýik Pyragy mynasyp derejede dünýä möçberindäki şahsyýet hasaplanyp, jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Onuň şygryýeti adamzadyň ruhy baýlygynyň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegini, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizilmegini görkezip bolar.
Beýik nusgawy şahyryň döredijiligi hemme döwürlerde parasatlylygyň, ahlak päkliginiň hem-de raýat watançylygynyň egsilmez çeşmesi bolup galar. Zehinli şahyryň şygryýeti türkmen halkynyň ruhy güýjüniň abraýyny we hormatyny belende göterdi, onuň goşgulary häzirki wagtda-da döwrebap röwüşde ýaňlanýar, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylary dünýäniň onlarça dillerine terjime edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu çärede beýik nusgawy şahyryň goşgularynyň («Türkmeniň», «Pany dünýä») fransuz dilinde labyzly okalandygyny bellemek gerek.
Milli egin-eşikleriň özboluşly toplumynyň görkezilmegi şu günki günüň giň gerimli maksatnamasynyň üstüni ajaýyp derejede ýetirdi. Türkmen dizaýnerleriniň işleri moda ulgamynda abraýly bilermenleriň, şol sanda fransuz bilermenleriniň ýokary bahasyna ençeme gezek mynasyp boldy.
Şu döredijilik çäresiniň çäklerinde milli tagamlardan dadylyp görülmeginiň guralmagy çärä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna halkymyzyň duz-tagam taýýarlamakdaky inçe syrlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tagamlarynyň tapawutly tarapy naharlaryň üýtgeşik bereketliliginden hem-de olary taýýarlamagyň ýönekeýliginden ybarat bolup, şunda olar köplenç özboluşlydyr we goňşy halklaryň tagamlaryndan tapawutlanýar.
Şeýle hem şol gün türkmen-fransuz arheologiýa barlag işleriniň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Fransiýanyň adamzat ösüşiniň taryhyna bagyşlanan meşhur muzeýleriniň birinde geçirilen forumyň dowamynda biziň Watanymyzyň türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we baý medeniýetiniň subutnamalary bolup durýan bahasyz genji-hazynalara eýedigi, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen syýasaty netijesinde dünýäde giňden ykrar edilýändigi bellenildi.
Iki ýurduň alymlarynyň bilelikdäki işleriniň netijelerine ser salnyp, Türkmenistanda ilkinji fransuz arheologiýa işleriniň (MAFTUR) 1994-nji ýylda Fransiýanyň ylmy barlaglarynyň milli merkezi (CNRS) bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň arasyndaky şertnama boýunça esaslandyryldy. Çykyşlarda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 2001-nji ýyldan bäri Kaka etrabynyň Ulug-Depe diýen ýerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýändigi, konserwasiýa-dikeldiş işlerini we bu arheologiýa ýadygärliginiň medeni gatlaklaryny barlamak işlerini alyp barýandygy bellenildi.
Tanyşdyrylyşda Gadymy Dehistanyň fransuz arheologlarynyň ondan soňky barlag işleri üçin özboluşly başlangyç meýdança öwrülendigi, olaryň soňra Aşgabatdan Gündogarda, Kaka töwereklerinde ýerleşýän Ulug-Depäni öwrenmek bilen meşgullanandygy aýdyldy. Şu forumyň dowamynda beýan edilen ylmy maglumatlara görä, bu ýadygärlik gülläp ösýän döwri biziň eramyza çenli 5-nji müňýyllygyň ortalaryna gabat gelen gadymy siwilizasiýanyň merkezleriniň biridir. Hut şu ýerde iki ýurduň alymlarynyň topary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda şol gadymy döwrüň medeniýetini ýüze çykaran täsin taryhy gymmatlyklaryň üsti açyldy.
Şeýle hem forumda Ulug-Depede arheologiýa gazuw-agtaryşlary bilen ugurdaşlykda gazylan bölekleri gorap saklamaga we muzeýleşdirmäge gönükdirilen konserwasiýa işleriniň alnyp barylýandygy baradaky maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Duşak şäherçesinde MAFTUR arheologiýa binýadynda Leon Lewiniň Gaznasynyň (ABŞ) serişdelerine arheologik tapyndylary konserwasiýa etmek we olaryň dikeldiş işlerini geçirmek boýunça döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite barlaghana döredildi. Onda diňe bir Ulug-Depeden däl, eýsem, beýleki arheologik ekspedisiýalaryň işleýän ýadygärliklerinden hem ýüze çykarylan arheologiýa taryhy gymmatlyklary arassalamak, gorap saklamak we dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, barlaghanada dikeldiji türkmen hünärmenleri üçin her ýyl okuw maslahatlary guralýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, 30 ýyllyk işleriň netijeleri bu mesgeniň biziň eýýamymyza çenli birinji müňýyllygyň soňky asyrlarynyň dowamynda Köpetdagyň etegindäki düzlükleriň merkezinde strategik orun eýeländigini çaklamaga doly esas berýär.
Forumyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmek, olary geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça iki ýurduň arheolog alymlarynyň alyp barýan iri möçberli ylmy-barlag işleri bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga ýardam edýän şeýle çäreleri geçirmäge şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň we Fransiýanyň Baştutanlaryna çuňňur hoşallyk bildirdiler.
turkmenistan.gov.tm