«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

     Düýn Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanan talyp ýigitleriň 26-sy gatnaşdy.

     Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp ýigitler bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, öz saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler.

     Ikinji şertde talyp ýigitler özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezdiler.

     Döredijilik bäsleşiginiň üçünji şerti boýunça talyp ýigitler şorta sözleri aýdyp, degişme sahnalaryny ýerine ýetirdiler.

     Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi.

     Bäsleşigiň ýeňijileri:

Baş baýrak — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby

Mekan Kurdow.

1-nji orun — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Begenç Baýramow.

2-nji orun — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Garlyýew.

2-nji orun — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Muhammetaly Ýazdurdyýew.

3-nji orun — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň harby 4-nji ýyl talyby

Hydyr Atabaýew.

3-nji orun — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby

Meýlis Hallyýew.

3-nji orun — Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Nazarmät Tirkeşmädow.

     Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.