Şu gün Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyndan hem-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, ýaş raýatlaryň döwletiň jemgyýetçilik-medeni durmuşyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmek, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna ýardam bermek, telekeçilik işine höwesli ýaşlary telekeçilige ugrukdyrmak, ýaş telekeçilik işiniň ýöredilişini öwretmek, bu ugurda maslahat-okuwlaryny guramak we degişli goldawlary bermek ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda buhgalteriýa, bank işi, menejment we marketing, ykdysady hukuk, biznesi meýilleşdiriş ugurlary boýunça meýilnama esasynda ilkinji okuw sapagynyň açylyşy boldy. Oňa dürli ugurda okaýan talyplar şeýle hem hünärmenler gatnaşdylar.
Buhgalteriýa, bank işi, menejment we marketing, ykdysady hukuk, biznesi meýilleşdiriş ugurlary boýunça okuw sapaklary meýilnama esasynda yzygiderli dowam edýär.
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.