WEKILIÝET MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGDUK MEKANYNA UGRADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljege tarap ynamly öňe barýan halkymyz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaralandyrýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, şeýle-de onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi türkmen halkyny buýsanja besleýär.

Şeýle buýsandyryjy wakalardan ruhlanyp, türkmen halkynyň beýik akyldar oglunyň watansöýüjiligi, halallygy, belent ahlak sypatlaryny, birek-biregi hormatlamak, sarpalamak, hemaýat-goldaw bermek ýaly ynsanperwer ýörelgeleri, hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy wagyz-ündew edýän gymmatly pikirlerini durmuş ýörelgelerine öwrülmekligini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy yzygiderli işleri alyp barýar.

Şeýle işleriň hatarynda 2024-nji ýylyň maý aýynyň 10-yna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül çemenlerini goýmak çäresiniň, Magtymguly Pyragy muzeýinde “Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir” atly ylmy-amaly maslahatyň we onuň bölümçeleriň, muzeýe gezelenjiň, medeniýet sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde medeni-köpçülikleýin çäreleriň, şeýle hem, maý aýynyň 11-ine ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny buýsanç bilen bellemek bolar.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýaýbaňlandyrylan bu çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar gatnaşýarlar.