Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky «Altyn asyr» tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhanada ýaş işçi-hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzyň ýaşlarynyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak maksady bilen geçirilen duşuşyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreleriniň çäginde guraldy. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň watansöýüjilik, giň düşünjelilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlak we ukyp-başarnyk ýaly häsiýetleri bilen tapawutlanmalydygyny belleýändigini, şoňa görä-de, ýaşlaryň her bir işde asylly ýol-ýörelgelerimize berk eýermelidigi, ýaramaz endiklerden daşda durmalydygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Täsirli geçen duşuşygyň barşynda ýaşlara watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Bu çärä gatnaşanlar eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, ýaşlar barada bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulsenem ÇALOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.