Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň sentýabr aýy — Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly başlangyçlarynyň dolulygyna amala aşmagy bilen paýtagtymyz Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny garşy aldy. Türkmenistanyň sport diplomatiýasy we adam hukuklaryny goramak bilen bagly alyp barýan ynsanperwer syýasaty ýene bir gezek dabaralandy. Ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly hem dünýä ykdysadyýetine ygtybarly goşulýan döwlet hökmünde öz ornuny berkitdi.
«Aşgabat 2017» oýunlarynyň başlanmagy bilen ýurdumyzda sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk dabaralandy. Yklymyň 64 döwletinden we Bosgunlaryň toparynyň türgenleriniň synanyşýan güýçleri göwünleri galkyndyrýan altyn, kümüş, bürünç medallara öwrülýär. Dünýä ýüzünde öz hoşniýetliligi bilen tanalan ata-babalarymyzyň ruhunyň şat bolýan ýurdunda sport türkmeniň ýagşy niýetlerini dünýä äşgär etmegiň serişdesi bolup hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Bosgunlaryň toparynyň Aziýa yklymynda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme tapdy. Ženewadaky BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi, bu resminamanyň awtordaşy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň 29-synyň çykyş etmegi, soňra «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşýan Bosgunlaryň toparynyň Türkmenistanyň MOK-nyň adyndan gymmat bahaly sylag-serpaýlar bilen sylaglanylmagy Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny amala aşyrmakda işjeňlik görkezýänliginiň beýany boldy.
Ženewa şäherinde şu ýylyň 2 — 6-njy oktýabry aralygynda geçiriljek BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine DIM-niň hem-de Migrasiýa gullugynyň wekiliýetinden ybarat bolan toparyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Ženewa şäherinde “Sportuň we olimpik idealyň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” atly BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň çäklerinde ýörite Jarnamany kabul etmek üçin degişli işleri geçirip başlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Jarnamadan gelip çykýan düzgünnamalara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän başga-da birnäçe teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň bu ugurda gazanýan üstünlikleri 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini amala aşyrmagyň görnükli mysaly bolup taryhymyza ýazylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy-innowasiýalary ösdürmek, bu ugurda halkara tejribesini ýurdumyza ornaşdyrmak bilen bagly işlere uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oktýabr aýynda “Innowasiýa, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa maslahatyny geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmegine garaşylýan ylmy-innowasiýa maslahatynyň gün tertibine ekologiýa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energiýanyň alternatiw çeşmeleri, himiýa tehnologiýasy we täze serişdeleri işläp taýýarlamak, oba hojalygynda we maldarçylykda tebigy serişdeleri gaýtadan işlemekde innowasiýalar, seýsmologiýa, lukmançylykda we derman senagatynda, biologiýada ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ýol-ulag ulgamynyň örän uly paýy bar. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy etrabyndaky Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygynyň taslamasy hem bu döwlet ähmiýetli ulgamy döwrebaplaşdyryp ösdürmekde ýakyn geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnama hökmünde hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.
Häzirki günlerde paýtagtymyz Aşgabatdan yklymyň hem dünýäniň onlarça ýurduna göni ýaýlymda ýaýradylýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň türgenleriniň gazanýan üstünlikleri bilen barha şöhratlanýar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň 200-den hem geçmegi bu yklym ýaryşlaryna biziň türgenlerimiziň ýokary derejede taýýarlanandygyna şaýatlyk edýär. Olimpiýa şäherçesinde gurlan Saglygy dikeldiş merkezinde türgenlere hödürlenýän döwrebap, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bolsa olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
Türkmenistanda dowam edýän sport baýramçylygy dünýä ýurtlarynyň habar beriş serişdelerinde aýdyň beýanyny tapýar. Ol habarlarda Türkmenistanda sportuň diňe bir döwlet ähmiýetli däl-de, eýsem adamzadyň parahatçylyk, abadançylyk we dostluk bähbitlerini goraýan ilçisi hökmünde köptaraplaýyn ösdürilýänligi nygtalýar.
Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyz Aşgabatda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygary bilen dowam edýän şanly günler ýurdumyzyň taryhyny altyn medallar hem beýik ýeňişler bilen bezeýär.
“Nesil” gazeti,
26.09.2017ý.












