Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilmeli şanly seneleriň hataryna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetli gymmatlykdygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diyip yglan etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ajaýyp eserlerinde parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrdy.
Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden döreden we kämilleşdiren taryhy we medeni miraslarynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ykrar etmekde hem-de ebedileşdirmekde oňyn netijeler gazanylýar. Oňa mysal edip ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna milli mirasymyzyň birnäçesiniň girmegi, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny BMG tarapyndan goldalanylyp, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilmeli şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem guwançly wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, ölmez-ýitmez edebi mirasyny öwrenmek, nesillere miras galdyrmak we dünýä ýaýmak ugrundaky giň gerimli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda dürli maslahatlardyr forumlaryň, medeni çäreleriň, wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi bilen birlikde beýik söz ussadynyň döredijilik eserlerini daşary ýurt dillerine terjime etmek boýunça-da maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Magtymguly Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi bolsa ýaşlary watançylyk, ahlaklylyk, belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup durýar. Biz hem zähmet çekýän ojagymyzda welaýatymyzyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň sönmez-ýitmez döredijiligine bagyşlanana çäreleri yzygiderli geçirýäris. Şeýle hem welaýatymyzyň myhmanlary we ýaşaýjylary, talyp ýaşlar ýygy-ýygydan muzeýimize gelip, «Setiri —zer, ýalkym, pähimi — umman» diýen at bilen döredilen Magtymguly Pyragy burçuny synlaýarlar.
Ýaşlara milli ruhda terbiýelemekde, milli medeniýetimizi öwrenmekde we dünýä ýaýmakda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Gülnur PYGAMOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri,
TMÝG-niň Türkmenabat şäher geňeşiniň işjeň agzasy