«AHALTEKE ATLARY-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇILERI» ÝUNESKO KLUBY- MÖHÜM ÄHMIÝETLI IŞLER, ÖŇDE DURÝAN MÖHÜM WEZIPELER

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä derejesine çykarylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamaklyga, baş sanyny artdyrmaklyga, olary milli seýisçilik sungatymyzdan ugur alyp seýislemeklige we dünýä derejesinde wagyz etmeklige möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä derejesine çykarmak babatda birnäçe desgalardyr binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bu aýdylanlara aýdyň subutnamadyr.

         2023-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baky bagtyýarlygyň we rowaçlygyň şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Halkara derejeli akademiýanyň açylan gününde ýokary okuw mekdebiniň binýadynda «Ahlateke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby hem açyldy. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen 30 ýyldan gowrak wagt bäri netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň medeni ýadygärlikleri bilen bir hatarda milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň umumy sanawyna girizildi. Şol milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda ahalteke bedewleriniň bolmagy we 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy buýsanç bilen bellärliklidir.

         2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda açylan «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» ÝUNESKO klubynyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini we taryhy-medeni mirasyny aýap saklamak we ösdürmek babatda tagallalaryna goldaw bermek, ahalteke atlaryň buýsançly taryhyny öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, behişdi bedewlerimizi dünýä derejesinde wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Klub açylan gününden bäri birnäçe ylmy maslahatlary geçirmek bilen türkmen bedewiniň waspyny edýän birnäçe gepleşikler ýazgy edildi. Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyp ýaşlary klubyň işjeň agzasy bolup durýarlar. Klub ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň  alyp barýan işlerine, geçirýän çärelerine we okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Ýeri gelende bellesek ýokary okuw mekdebimizde ÝUNESKO klubynyň işi talyplaryň gözýetimini giňeltmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmek tejribesini kämilleşdirmäge giňden ýardam berýär. Klubda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

         Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara Güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» ÝUNESKO klubynyň başlangyjy bilen «TÜRKMENISTAN-BMG: PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ» atly sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Rüstemowa Çynar Täjiýewna we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary gatnaşdylar.

      2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek çözgüdiniň kabul edilendigine bagyşlanan ahalteke bedewlerimize dakylýan şaý-sepleri, eýer-esbaplary görkezýän amaly haşam sergisi hem-de hoşallyk maslahaty geçirildi. Şonuň yzysüre, ýagny 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de klublarynyň gatnaşmagynda «Gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy bolan ahalteke bedewleri – dünýä atşynaslygynyň täsinligi» atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. 

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy fewralynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Gender deňligi maksadyndan ugur alyp, şeýle hem zenanlaryň ylyma bolan goşandyny açyp görkezmek maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň ykrar eden 11-nji fewral Ylymda zenanlaryň Halkara güni mynasybetli «Zeminiň zynaty, dünýäniň durky zenanlar» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle hem 6-njy martda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi» we Halkara Nowruz güni mynasybetli «Halkara Nowruz baýramyny türki halklarda bellemek däpleriniň aýratynlyklary hakynda» atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi.

      Mundan başga-da «Ahalteke atlary -parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda behişdi bedewlerimize bagyşlanyp birnäçe bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Esasan-da Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda bedew waspy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedewlerimize goýulýan sarpa bilen baglanşykly bäsleşikler talyp ýaşlarda bedewe bolan söýgüni artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geljekde hem ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny halkara derejesinde mundan beýläk-de artdyrmaklyk babatynda alnyp barylýan döwlet syýasatyndan ugur alyp «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» ÝUNESKO kluby yzygiderli işleri amala aşyrar. Hususan-da ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň atly sportuň dürli görnüşi boýunça halkara derejeli birnäçe ýaryşlara taýýarlanmak bilen bir hatarda ahalteke atlarynyň milli gymmatlygymyz hökmünde Ýer ýüzünde äşgär edilmegini gazanmak, şeýle hem ahalteke bedewlerini seýislemek, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli işleri wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we olary ýaş nesillere miras galdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak klubyň öňünde durýan möhüm wezipedir.

      Türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmakda uly işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Nowruz MYRATDURDYÝEW,

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Meňzeş habarlar