GÖRELDESI ENÄNIŇ – EL HÜNÄRI ZENANYŇ

     Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda milli mirasymyzy, ene-mamalarymyzdan bize miras galan el işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Ondaky edilen çykyşlarda umumybilim berýän mekdeplerde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda ýörite bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi, olaryň maksadynyň zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekdigi, dünýä ýaň salan gadymy haly nagyşlarynyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirmek we şu günlerimize gelip ýeten halyçylyk sungatyna, zähmete bolan söýgüni ýaşlarda kemala getirmegiň maksat edinilýändigi, geçirilýän bäsleşikleriň ýokary synp okuwçy gyzlaryny özünde jemleýän haly gurnaklarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, olaryň haly sungatyna bolan höwesini artdyrmaga, işjeňligini ýokarlandyrmaga, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge itergi berýändigi barada giňişleýin bellenip geçildi.

     Çärä gatnaşanlar halkymyzyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmekde döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Parahat SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar