NEPIS SUNGAT – NESILLERE NUSGALYKDYR

     Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň ýaşlarynyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen haly sungatynyň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Ondaky edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän taryhy-medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky alnyp barylýan giň gerimli çäreler, ene-mamalarymyzdan miras galan baý däp-dessurlarymyz, şu günlerimize gelip ýetip, nesilden-nesle geçirilýän, özüniň inçe syrlary bilen waspy dünýä ýaň salan gadymy türkmen haly nagyşlary, halyçylyk sungatymyz barada giňişleýin we buýsançly bellenildi.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmekde döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar