ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

    Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkeziniň hem-de Gubadag şäher kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşlikde edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, diňe ýurdumyzyň däl-de, dünýä halklarynyň hem dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýuny uludan tutýandygy, akyldaryň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýändigi barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

    Söhbetdeşlige gatnaşanlar gündogaryň meşhur şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, milli mirasy, umumy medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Ar­ka­da­gy­my­za­ tüýs­ ýürek­den­ ho­şallyk bildirdiler.

 

Çary SAPAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar