Türkmen atlarynyň - meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Ahalteke bedewleri - ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biri bolmak bilen, türkmen halkynyň buýsanjy hasaplanylýar. Olar şu güne çenli ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda älem-jahany özüne bendi edip gelipdir. Ata-babalarymyz ençeme müňýyllyklaryň dowamynda atçylyk bilen meşgullanyp, güýçli, ýyndam, owadan atlary ösdürip ýetişdiripdirler. «Nusaý atlary», «Asman atlary» hökmünde tanalan ahalteke bedewlerimiz mundan 5 müň ýyl ozal halkymyz tarapyndan eldekileşdirilip, köpeldilenligi hakynda maglumatlar bar. Gyz gylykly, gözelligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri barada dünýä belli syýahatçy Feodr Konýuhow şeýle diýýär:
Bu atlar in gadymy we üýtgewsiz atlardyr. Bu atlar Aleksandr Makedonskiýni gören atlardyr. Haçanda bu atlary elläp göreniňde eliň aşagynda bakylygy duýýarsyň. Meniň pikirimçe, kyn, agyr şertlerde uzak ýollara ýöriş edilende iň çydamlysy ahalteke atlarydyr. Pederlerimiz barada, olaryň zürýatdan ileri gören ahalteke atlary barada şeýle ajaýyp ýazgylary ýazan taryhçylary goja zeminiň her künjünden duşmak bolar. «Atym bar ganatym bar», «At-myrat», «Atdyr-ýigidiň ýoldaşy», «Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» ýaly birnäçe pähimler we atalar sözleri hem türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri özüniň hemrasy hasaplap gelen behişdi bedewlerimize goýýan uly hormat-sarpasyndan nyşandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleriniň şan-şöhratynyň täze derejede barha ýokary galýandygynyň şaýatlary bolýarys. Ahalteke atlary türkmen halkynyň uçar ganaty, buýsanjy we ylhamy, bahasyny hiç bir zat bilen deňäp bolmajak milli baýlygy hökmünde parahatçylyk söýüji ata Watanymyz Türkmenistanyň nyşanyna, pederlerimiziň şan-şöhratyna beslenen döwürleriň we biz nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygymyzyň aýdyň alamatlarynyň birine öwrüldi.
Ata-babalarymyz dünýä seçgiçilik sungatynyň deňsiz-taýsyz eserini bagyş etmek bilen, bu ajaýyp atlaryň tapawutly häsiýetlerini we genafonduny yzygiderlikli kämilleşdirmek bilen gadymy tohum atlarynyň arassalygyny müňýyllyklaryň içinden geçirip şu günlere getirmegi başarypdyrlar. Milli Liderimiziň parasatly ýörelgeleri, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde pederlerimiziň iň inçe tärlerini öwrenip hem-de dowam etdirip, deňsiz-taýsyz tohum atlarynyň arassalygyny saklamak, syna gurluşyny kämilleşdirmek hem-de ajaýyplygyň, gözelligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerimiziň saýlama tohumlarynyň baş sanyny artdyrmak boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Guwanç ÝOLDAŞOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby,
«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» ÝUNESKO klubynyň agzasy.