TÜRKMENIŇ NEPIS HALYSY — ASYRLARYŇ OWAZY

      Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky Babadaýhan dokma toplumynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

      Söhbetdeşlikde türkmeniň halyçylyk sungaty bilen bagly gyzykly gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halyçylyk halkymyzyň nepis sungatydyr, milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti özünde jemleýän sungat eseridir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça edilýän tagallalaryň çäginde bäş müňýyllyk taryhly nepis el halylarymyzyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda guwanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

      Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar ene-mamalarymyzdan galan millilikleri sarpalap geljekki nesillere ýetirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

SPORT ÝARYŞY

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA