Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halk bank PTB-nyň Büzmeýin etrap şahamçasynyň mejlisler jaýynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Ahlak arassalygy ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat we maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitleri, üstünlikleri barada wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärede çykyş edenler «maşgala» atly baş galanyň binýady berk bolanda durmuşymyz asuda, ýurdumyz has hem mäkäm we jebis bolýandygy barada bellediler. Çünki maşgala — mukaddeslikleriň iň ulusy, ondan ömrüň tutuş gözbaşy gaýdýar, adam ykbaly maşgaladan başlanýar. Maşgala mukaddesligi baradaky aýdyň hakykaty ýaşlaryň aňyna guýmak, ösüp gelýän nesillere maşgalanyň eldegrilmesiz, dil ýetirmesiz, gyýa göz bilen bakmasyz mukaddeslikdigini hemmetaraplaýyn düşündirmek döwrümiziň derwaýys wezipesi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda asuda we abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.