ÝAŞLAR WE EKOLOGIÝA TERBIÝESI

     Ýer zähmeti talap edýär. Ýeriň bol hasyl eçilmegi zähmetiňe gös-göni baglydyr. Şular ýaly ýaşlaryň hem arasynda ykbalyny daýhançylyga we oba hojalyk ulgamynyň ussat telekeçisi bolmaga baglaýanlary az däl. Häzirki wagtda ýaşlar döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýerleri özgerdip, bejerip, bol hasyl alyp, döwletimiziň bereketli hasylyny belentlere galdyrýarlar. Bu bolsa, ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrýar, zähmete bolan terbiýesini berkidýär. Şeýdip, ýaşlar geljegimizi gülledýän bol hasylyň miwelerine öwrülýär.

     Watançylyk, sport, ekologiýa, gözellik, ahlak ýaly terbiýäniň dürli görnüşleri bu günki gün her bir ýaş nesliň baş maksadyna öwrülýär. Munda zähmet terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Çünki zähmete adam bilen tebigatyň arasyndaky utgaşdyrylan hereket diýip baha bersek, onda adam şol tebigaty özgerdiji güýç diýip düşünýäris. Adam tebigaty özgerdýän bolsa, ýaşlar hem tebigaty özgerdip, geljegimizi gülledýär. Çünki ýaşlar biziň geljegimiz.

     Hormatly Prezidentimiz her bir işde ýaş nesle görelde mekdebidir. Halkymyzda bag ekmek parz iş hasaplanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl ählihalk ekologiýa çäresine badalga berip, parz işi bilen ýaşlara nusgalyk göreldesini görkezýär. Watany bagy-bossanlyga büremäge çagyryş bolan bu asylly çärä ýaşlar hem işjeň gatnaşyp, zähmet terbiýesiniň aýdyň nusgasyny görkezýärler.

     Ýeri özgerdip bilýän, ýurdy bagy-bossanlyga büreýän ýaşlar Watany ösdürýärler, gülledýärler. Ýerden bereketli bol hasyl alyp, Watan harmanyny beýgeldýärler.

     Ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň hoşallyklary çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak uzak bolsun!

 

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar