ÇAGALAR BAGYNDA AÝDYM-SAZLY DABARA GEÇIRILDI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň 9-njy çagalar bagynda “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleri” atly aýdym-sazly dabara geçirdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda aýdym-sazly dabara guramak, çagalaryň wagtyny şadyýanlyga, şatlyk-şowhuna beslemek maksadynda geçirilen dabara çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Onuň dowamynda çagalar özleriniň ýatdan öwrenen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli goşgularyny aýdyp berdiler. Toparlaýyn görnüşde bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, ata Watanymyzy wasp edýän aýdymlary, milli tanslary, çagalaryň durmuşyna degişli bolan gülküli sahnalary ýerine ýetirdiler. Şatlyk-şowhuna, şadyýanlyga beslenen çagajyklar ösüp gelýän ýaş nesillere bagtyýar çagalygy, ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

 

Täjigül GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar