ÇAGALAR – DURMUŞYŇ ELWAN GÜLLERI

     Ýaňy-ýakynda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, 9-njy çagalar bagynda aýdym-sazly dabara geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Çagalary goramagyň halkara gününi dabaralandyrmak, bu şanly senede çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda aýdym-sazly dabara guramak, çagalaryň wagtyny şadyýanlyga, şatlyk-şowhuna beslemek maksady bilen geçirilen baýramçylyk çäresinde terbiýeçileriň, mugallymlaryň taýýarlamagynda körpeler türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgulary, aýdym-sazly çykyşlary, tanslary, gülküli sahnalary ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň parlak geljegi üçin ýadawsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar