BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR NESILLERI

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 140-njy çagalar bagynda şol çagalar bagynyň körpejeleriniň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri» ady bilen sport çäresi geçirildi.

      Çärede körpejeler sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşyp, özleriniň çalasynlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Uly ruhubelentlige beslenen bu çärede asuda Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy bolsa ýaryşyň şowhunyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy.

 

Gülnara GURBANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar