Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bilen bilelikde bu gadymy topragyň üstünde äleme ýaň salýan taryh ýazylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Muny biz her ädimde duýup ýaşaýarys.
Ýaňy-ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz, Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijilerine paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýeňijilere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary ýaşulylarymyz tarapyndan gowşuryldy. Sowgatlary ýaşulylarymyzyň gowşurmagy hem ýaş nesillerimiziň arasynda olaryň ornunyň has hem uludygynyň beýany boldy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilip durulmagy ýaş nesillerimiziň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmeklerine itergi berýär. Dabara tamamlanandan soňra çagalar paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde täze açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda medeni-dynç alyş merkezinde medeniýetli dynç aldylar.
Durmuşymyzyň gülleri hasaplanylýan ýaş nesliň sagdyn ösmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, ýagny «Türkmenistan bagtyýar çagalaryň ýurdy» diýen şygary öňe sürýän, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, röwşen geljegimiziň abadançylygynyň hem-de bagtyýar nesillerimiziň hatyrasyna uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.