Ýaňy-ýakynda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda, şol ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler pederlerimiz tarapyndan döredilip, kämil derejä ýeten asylly ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz esasynda jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryna hemişe uly orun berlip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň şol ahlak gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, olary ýaş nesillere ýetirmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem polisiýanyň wekili öz çykyşynda ýaş nesillere beden we ruhy taýdan zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny nygtap, olaryň adam saglygyna zyýany barada düşündirdi. Çykyşlaryň ahyrynda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi, olaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, dynç almagy üçin ähli şertleri döredip Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Myrat GOŞAÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.